Goşmaça enjamlar we konsollar üçin meşhur “Super Mario Bros” wideo oýunlarynyň tapgyryny dörediji Sigeru Miýamoto doganlar Mariýo baradaky animasion filminiň goýberiljek senesinde üýtgeşme boljakdygyny habar berdi. Ol bu barada Nintendo kompaniýasynyň Twitter sahypasynda aýtdy.
“Biz dünýä premýerasyny 2023-nji ýylyň ýaz aýlarynda geçirmek kararyna geldik. Täze çykjak senesi Ýaponiýada 28-nji aprelde we Demirgazyk Amerikada 7-nji aprelde . Men otünç soraýaryn we has gyzykly film döretmek üçin ýene biraz wagt bermegiňizi haýyş edýärin” diýip, habarda aýdylýar.
Taslama “Super Mario Bros.” wideo oýunyna esaslanýar. Ol 1985-nji ýylda işlenip düzüldi we iň köp satylan oýun hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Mario doganlar baradaky animasiýa filminiň goýberiljek senesi ilki başda 2022-nji ýylyň 21-nji dekabryna meýilleşdirilýärdi.