American Journal of Health Promotion ylmy neşirinde çap edilen makalada tebigata bagly bolmaklyk adamyň dürli görnüşli iýmit önümlerini we ýygy -ýygydan miweleri hemde gök önümleri iýmegine ýardam edýär diýip bellenilýär. Baş ýazyjy Brendi-Jo Millironyň sözlerine görä, tebigatda has köp wagt geçirenleriň dogry iýmitlenýändiklerini aýtýandyklaryna göz ýetirdiler.
Gözlegiň çäginde alymlar topary Filadelfiýada (ABŞ) 300-den gowrak uly adamlaryň arasynda sorag geçirdi. Maglumatlar 2021-nji ýylyň maý aýyndan awgust aýyna çenli ýygnaldy. Gatnaşyjylardan, olaryň tebigata bolan gatnaşygy we iýmitleniş aýratynlyklary barada soraldy.
Alnan ähli maglumatlar seljerilenden soňra, alymlar, tebigata has ýakyn adamlar miweleri we gök önümleri has köp iýýärler umuman dürli görnüşli iýmit önümleri bilen iýmitkenýärker diýen netijä geldiler.
Begenç DÖWLETOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.