Hytaýly hünärmenler raketa uçurmagyň täze usulyny synagdan geçirdiler. Munuň üçin olar, 24-nji aprelde Sinhaý welaýatyndan planetanyň üstünden 25-40 km belentlige uçurylýan uly howa şaryny ulandylar. Soňra bolsa, uzakdan dolandyrmak arkaly zond goýberildi. Şeýle raketa ýükleri göçürip ýa-da zerur maglumatlary ýygnap bilýär, ondan soň bolsa bolsa paraşýutyň kömegi bilen Ýere gaýdyp gelmegi başarýar.
Howa şarlaru gaty arzan materiallardan ýasalýandygy we gymmat ýangyç talap etmeýändigi sebäpli bu usul raketa uçurmakda çykdaýjylary tygşytlamaga kömek edýär. Aprel aýynda goýberilen aerostat inçejik plastmassadan ýasalan we şar has ýokary göterildigiçe giňelmegi üçin geliý bilen dolduryldy.
Usulyň – şary dolandyrmakdaky kynçylyklary we howa şertlerine berk garaşly bolmak ýaly kemçilikleri bar.
Firuza HUDAÝKULYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 304-nji toparyň talyby