Alymlar suwda polietilen dispersiýalaryny öndürmäge mümkinçilik berýän suwda ereýän katalizatorlaryň täze synpyny döretmegi başardy. Bu bolsa öz gezeginde eredijileri we zyýanly maddalary öz içine almaýan plastiki gatlaklaryň ekologiýa taýdan arassa önümçiligi barada gürleşmäge mümkinçilik berýär.
Himiýa işgärleriniň sözlerine görä, olaryň teklip edýän usuly polietileniň düzüminde eredijileriň ýok bolmagy. Şeýle hem, ol ulanylan wagtynda guramak prosesinde zyýanly maddalar çykmaýar.
Alymlar öz döreden usulynyň, umuman, ekologiýa taýdan arassa polimerizasiýa prosesleri, şeýle hem aýratynda eredijili we zyňyndysyz polietilen örtükleri netijeli öndürmek üçin täze mümkinçilikler açýandygyny mälim etdiler. Şol sanda plastik çüýşeleriň önümçiligi.
Bekmurat GALANDAROW,

RU












