38 ýaşly amerika-britaniýaly aktýor, “Möý adam” filminiň ýyldyzy Endrýu Garfild öz aktýorçylyk karýerasyny az wagtlyk togtatýandygyny mälim etdi. Bu, barada onuň Variety bilen geçirilen söhbetdeşlikden belli boldy.
Artistiň sözlerine görä, soňky birnäçe ýylyň dowamynda köp sanly ýazgylary öz içine alýan dartgynlylyk tertibinde ýaşady. Bu ony akyl we beden taýdan ruhdan düşürdi. Garfild, geljekde nähili hereket etmelidigi barada pikirlenmek üçin hökmany suratda wagtyň gerekdigini boýun aldy.
Şeýle hem “Möý adam” filiminiň ýyldyzy, öz karýerasyndaky arkesme wagtynda näme bilen meşgul boljakdygy barada paýlaşdy. “Belkide, ahyrsoňy dynç alyp bilerin. Ýöne meniň isleýän iň möhüm zadym, ýönekeýje ýatmak, aýdym diňlemek, hiç zat etmezlik we ýakyn wagtda ýene bir ýere howlugyp gitmeli bolaryn diýip pikir etmezlik ” diýip artist gürrüň berdi.