Ýewropanyň we Merkezi Aziýanyň ýurtlarynda ilatyň semizlik derejesi epidemiýa masştabyna ýetdi. Ulularyň üçden iki bölegi we çagalaryň üçden bir bölegi artykmaç agramdan ejir çekýär. Bu barada Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) täze hasabatynda aýdylýar. Onuň awtorlary bedeniň artykmaç agramynyň onkologiýa, maýyplyga we möhletinden ir ölüme sebäp bolup biljekdigini duýdurýarlar.

Artykmaç agram we semizlik gipertenziýadan, nädogry iýmitlenmekden we temmäkiden soň ölümiň dördünji sebäbidir. Semizlik ýürek-damar keselleri, ikinji görnüşli süýji keseli we rak ýaly birnäçe ýokanç däl keseller bilen baglanyşyklydyr. Ol rak keseliniň 12 görnüşine sebäp bolýar.

Hasabatda semizligiň diňe bir töwekgelçilik faktory bolman, eýsem ýöriteleşdirilen bejergini we toplumlaýyn dolandyryşy talap edýän keseldigi bellenilýär.

Ýewropada ulularyň arasynda semizligiň masştaby Amerika ýurtlaryndan başga BSGG-niň islendik sebitine garanyňda, has ýokarydyr. Bütin dünýäde semizlik we bedeniň artykmaç agramy her ýyl 1,3 milliondan gowrak ölüme sebäp bolýar, ýöne hatda bu görkeziji-de peseldilen bolup biler.

Ýewropa sebitinde ilatyň artykmaç beden agramy we semizligi bilen bagly ýagdaý epidemiýa derejesine ýetdi. Erkekleriň 63 göterimi we aýallaryň 54 göterimi artykmaç agramlydyr.

Bedeniň artykmaç agramynyň we semizligiň iň ýokary görkezijileri Ortaýer deňziniň we Gündogar Ýewropanyň ýurtlarynda hasaba alynýar. Artykmaç agramly adamlar bilim derejesi pes bolan adamlaryň arasynda köpdür.

COVID-19 pandemiýasy semizlik meselesini hasam güýçlendirdi. Artykmaç agramly hassalar koronawirus bilen keselländen soň kynçylyklara sezewar bolup, köplenç, bu sebäpli aradan çykýarlar.

BSGG semizligiň durmuş ýörelgesi bilen gönüden-göni baglanyşyklydygyny belleýär. Mysal üçin, çagalaryň we ýetginjekleriň saglygyna sanly gurşaw, şol sanda sagdyn däl iýmitleriň we içgileriň mahabaty täsirini ýetirýär.

BSGG-niň hünärmenleri “syýasatyň indiwidual çäreleriniň netijesizdigini” anykladylar. Bir ýurt ýa-da tutuş sebit derejesinde üstünlik gazanmak üçin bitewi çäreler toplumy gerek. Häzirki wagtda BSGG-niň Ýewropa sebitinde çagalara gönükdirilen iýmit mahabatyny çäklendirmek, şeker düzümli içgilere salgyt salmak we semizlige gözegçilik çärelerini güýçlendirmek ýaly çäreler işjeň ara alnyp maslahatlaşylýar.