Ýaponiýada çagalaryň sany 1950-nji ýylda statistika ýöredilip başlanandan bäri iň pes derejä çenli azaldy. 1-nji aprele çenli ýagdaýa görä, ýurtda 14 ýaşa çenli 14,65 mln gyz we oglan hasaba alnypdy – bu bir ýyl ozalkydan 250 müň çaga azdyr diýlip, Administratiw işler we kommunikasiýa ministrliginiň ýaýradylan hasabatynda aýdylýar. Ol 5-nji maýda bellenilýän döwlet baýramçylygyna – Çagalar gününe gabat getirildi.

Häzirki wagtda 14 ýaşa çenli bolan ýurduň raýatlarynyň paýyna ilatyň bary-ýogy 11,7%-i düşýär. Ýaponiýa bu görkeziji boýunça ilatynyň sany 40 milliondan gowrak bolan 35 ýurduň arasynda iň pes orny eýeleýär.

Ýurtda çagalaryň sany 1982-nji ýyldan bäri azalýar. Pandemiýa bilen baglylykda soňky ýyllarda dogluş derejesi hasam peseldi.

Ýurtda hemişelik esasda ýaşaýan daşary ýurtlular bilen birlikde Ýaponiýanyň ilaty 2020-nji ýylyň oktýabr aýyndan 2021-nji ýylyň oktýabr aýy aralygynda 644 müň adam, 125,5 milliona çenli azaldy. Bu proses garrylardan başga ähli ýaş kategoriýalarynda hasaba alyndy. 65 ýaşdan uly erkekleriň we aýallaryň sany bir ýylda tas 190 müň, 36,2 milliona çenli köpeldi. Bu Ýaponiýanyň umumy ilatynyň, takmynan, 29%-ini düzýär.