OPEK+-iň ýurtlary iýun aýynda meýilnama boýunça her gije-gündizde çykarylmaly 432 müň barreldenem artyk nebit çykarmagyny dowam eder. Geçen mejlisiň jemleri boýunça bileleşigiň beren beýanatyndan görnüşi ýaly, indiki duşuşygy 2-nji iýunda geçirmek bellendi.

«Nebitiň çykarylyşynyň mukdaryna düzediş girizmek boýunça meýilnamany we her aýlyk düzedişiň OPEK-iň we OPEK-e girmeýän ýurtlaryň 19-njy mejlisinde tassyklanan mehanizmini, şeýle hem nebitiň çykarylyşynyň umumy mukdaryny iýun aýynda her gije-gündizde 0,432 million barrele çenli artdyrmak kararyny tassyklamaly» — diýip, relizde aýdylýar.