Madridiň “Realy” Karlo Ançelottiniň ýolbaşçylygynda ýarym finalyň jogap oýnunda “Mançester Sitini” ýeňmek bilen, Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy (3:1, iki duşuşygyň jemi boýunça 6:5).

Şeýlelik bilen, bu final italiýaly hünärmeniň karýerasynda bäşinji bolar. Mundan öň ol 2003, 2005 we 2007-nji ýyllarda “Milan” bilen Çempionlar ligasynyň finalyna çykdy. Şeýle-de, ol 2014-nji ýylda “Real” bilen ÇL-iň esasy oýnuna geçdi.

Ançelotti bu görkeziji boýunça rekord eýesi boldy. Ol Çempionlar ligasynyň finalyna dört gezek çykan Aleks Fergýusondan, Marçello Lippiden we Ýurgen Kloppdan öňe geçdi.

73-nji minutda “Mançesteriň” hüjümçisi Riýad Marez hasaby açdy. Ol iki oýnuň jemi boýunça toparynyň öňdebaryjylygyny iki gola çenli artdyrdy. 90-njy minutda “Realyň” hüjümçisi Rodrigo oýunda hasaby deňlemegi başardy, ýene bir minutdan soň ol ikinji goly girizdi we şeýlelik bilen oýny goşmaça wagta geçirdi. Owertaýmyň başynda Madridiň klubunyň hüjümçisi Karim Benzema penaltini geçirdi.

Şeýlelik bilen, Çempionlar ligasynyň finalynda “Real” iki duşuşygyň jemi boýunça Ispaniýanyň “Wilýarrealyny” utan Angliýanyň “Liwerpuly” bilen duşuşar.