Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzda iň öňdebaryjy tehnologiýalara esaslanýan senagat we kommunikasiýa toplumynyň bardygyny belledi. Bu toplum köp babatda ykdysadyýetiň ösüşini kesgitleýär. Şunuň bilen birlikde, döwlet Baştutany bu toplum boýunça wise-premýeriň garamagyndaky ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, şol sanda «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň tabşyryklary ýerine ýetirip bilmeýändigine wise-premýeriň ünsüni çekdi.
Döwlet
Baştutany «Türkmensenagat» agentliginiň işine ünsi çekip, alnyp barylýan
gurluşyklary üçin zerur materiallar bilen öz wagtynda üpjün etmegiň zerurdygyny
aýtdy we wise-premýere gözegçilik edýän ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň
işini has-da gowulandyrmak meselesine aýratyn üns bermegi talap etdi.
Pudaklar netijeli işlemelidir hem-de döwlete girdeji getirmelidir. Telekeçileri
giňden çekmegiň hasabyna senagat pudagyny has-da ösdürmeli diýip, milli Liderimiz
bu ýerde gürrüňiň bäsdeşlige ukyply, innowasiýalara esaslanýan senagat pudagyny
we onuň üpjünçilik ulgamlaryny diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek barada
barýandygyny belledi. Döwlet Baştutany bularyň ykdysadyýetimiziň ähli
pudaklaryny ösdürmekde, aýratyn-da, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň
ornuny tutýan önümleri öndürmekde berk binýatdygyny aýtdy.
Şeýle hem halkara ýük gatnawlary bilen bagly meseleleri düýpli öwrenilmelidir. Ýurdumyzyň ykdysadyýetini sanly ulgama geçirmek boýunça maksatnamalary we bu ugurda degişli hünärmenleri taýýarlamagyň üstünde işlemeli diýip, Prezident belledi. Telewideniýäni we aragatnaşyk serişdelerini mundan beýläk-de ösdürmek meselelerine aýratyn üns berilmelidir.