Baýdak — döwletiň özbaşdaklygynyň, erkinliginiň, halkyň bitewüliginiň nyşany, döwletiň taryhy geçmişini özüne siňdiren mukaddeslik. Konstitusiýa — döwletliligiň binýady, döwletde halk häkimiýetliliginiň, halkyň erk-isleginiň goraglylygynyň kepili. Bu iki gymmatlyk häzirki zaman dünýäsinde döwleti döwlet hökmünde öňe çykarýan esasy iki sütündir. Kanuny döwlet hökmünde ata Watanymyz Türkmenistan adamy goramagy we goldamagy, oňa hyzmat etmegi döwlet häkimiýet edaralarynyň möhüm wezipeleri hökmünde kesgitledi. Bu wezipe Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynda doly aýan edilýär. Bu günki günde Arkadagly Serdarymyz parahatçylyk döredijilik syýasaty milli kanunçylygymyzda berkidilip, halkara giňişliginde ýaşyl Tugumyzyň belende parlamasy bilen dabaralandyrylýar. Bu günki gün Türkmenistan dünýäde parahatçylygyň hem ynanyşmagyň Watany hökmünde tanalýar. Munuň düýp özeni hem eziz Diýarymyzda kanunyň hökmürowanlygyndan gözbaş alýar. Şonuň netijesinde ýurdumyzyň öňe sürýän ähli başlangyçlary üstünlikli amala aşyrylyp, oňyn miwelerini berýär. Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, biz Konstitusiýamyzyň binýatlyk kadalaryna daýanyp, döretmäge bolan kuwwatymyz, gurmaga bolan güýjümiz, beýik geljegimize bolan ynamymyz bilen berkarar döwletimizi öňe alyp barýarys. Garaşsyz Diýarymyzy mundan beýläk-de depginli ösdürmäge, ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny tehnologiýa babatda döwrebaplaşdyrmaga, ilkinji nobatda, mähriban halkymyzyň asuda, abadan, bolelin durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge gönükdirilen döwlet we pudaklaýyn maksatnamalaryň, konsepsiýalaryň we meýilnamalaryň ençemesini kabul edip, olary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Hakykatdan hem, häzirki döwürde Garaşsyz, Bitarap Watanymyzda hormatly Prezidentimiziň giň möçberli maksatnamalary boýunça syýasy, ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda köpugurly taslamalar durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe döwlet Baştutanymyzyň ýurdumyzyň her bir raýatynyň, ähli halkynyň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýän parasatly syýasatyny durmuşa geçirmek ugrunda edilýän beýik işler eziz Diýarymyzy ajaýyp zähmet ýeňişlerine, belent sepgitlere ýetirdi. Ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda yglan edilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň jemgyýetçilik we döwlet-syýasy gurluşy kämilleşdirilýär. Bazar ykdysadyýetine doly geçmek baradaky belent özgertmeleriň konstitusion hukuk esaslary üpjün edilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan durmuş-ykdysady özgertmeleriň depgini ýokarlandyrylýar we gerimi giňeldilýär. Diýarymyz ýene-de sanlyja günden baýramçylygy — berkararlygyň we bagtyýarlygyň, ruhubelentligiň hem-de rowaçlygyň ak ýolunda belent maksatlara ruhlandyrýan Milli baýramy — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň gününi giňden belläp geçer. Mizemez agzybirligimizi, bitewüligimizi, beýik ynsanperwerlik gymmatlyklaryna, parahatçylyk hem-de döredijilik ýörelgelerine üýtgewsiz ygrarlydygymyzy alamatlandyrýan Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagy bu gün her bir türkmenistanlynyň mukaddes saýýan gymmatlygyna öwrüldi. Konstitusiýamyzyň we Döwlet baýdagymyzyň gymmatyny has-da artdyrmak we dabaralandyrmak, nesilleri watançylyk hem-de belent ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek maksady bilen, Aşgabat şäherinde Konstitusiýa binasy bilen Baýdak meýdançasy, şeýle hem welaýat merkezlerinde, «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda belent sütünli baýdak meýdançalary döredildi. Mähriban halkymyz belent watansöýüjilik duýgusyny terbiýeleýän, raýatlarymyzy jebisleşdirýän hem-de döredijilik güýjüne ruhlandyrýan bu milli baýrama iň dabaraly seneleriň biri hökmünde aýratyn sarpa goýýar. Bu ajaýyp baýrama gabatlanyp, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we bütin ýurt möçberinde eziz Watanymyzyň ösüşine, ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatymyza, döwlet we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlarynda giňden ýaýbaňlandyrylýan oňyn özgertmelerimize, ykdysadyýetimiziň düzümleýin döwrebaplaşdyrylmagyna we senagatlaşdyrylmagyna gönükdirilen milli maksatnamalarymyzyň ähmiýetine bagyşlanan maslahatlar, medeni-jemgyýetçilik çäreleri geçirilýär. Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we Konstitusiýamyzda hemişelik berkidilen oňyn Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinden hem-de maksatlaryndan ugur alyp, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerini öňe sürýän garaşsyz döwlet hökmünde eziz Watanymyzyň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Iri halkara guramalarynyň binalarynyň öňünde ýaşyl Tugumyzyň belentden parlamagy munuň aýdyň subutnamasydyr.
Nurmuhammet AGABAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy

RU












