Ilon Maskyň kompaniýasy Сrew-4 ekipažynyň dört sany kosmonawtyny 16 sagatdan hem az wagtyň içinde HKS-e ýetirdi, bu bolsa kompaniýa üçin 2020-nji ýylda başlanan ekipažlar bilen bilelikdäki uçuşlarynyň iň gysga wagtlysy boldy.
SpaceX, Сrew-4 ekipažynyň astronawtlaryny 27-nji aprelde Freedom we Falcon 9 raketa atly täze Crew Dragon kapsulasynda uçurdy. Astronawtlar kosmos stansiýasyna ertesi gün birleşdiler. Uçuşyň umumy wagty 15 sagat 45 minut boldy.
Deňeşdirmek üçin, SpaceX -iň NASA üçin ekipažy bilen ilkinji uçuşy, Demo-2 missiýasy 2020-nji ýylyň maý aýynda takmynan 19 sagat dowam etdi.
Merjen BAHLULOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 303-nji toparyň talyby