Baidu we Pony.ai kompaniýasy özbaşdak hereket edýän awtoulaglaryny sürüjisiz dolandyrmak üçin rugsat aldylar. Kompaniýalardan, sürüjiniň oturgyjynda adamyň bolmagyny talap edilmeýän hem bolsa, awtoulagda barlagçynyň bolmagy hökmandyr.
Baidu we Pony.ai häzirlikçe Pekiniň hemme ýerinde işläp bilmeýärler – olar 300 müň töweregi adam ýaşaýan Içžuan şäherinde 60 inedördül kilometr ýer bilen çäklendirilipdir. CNBC maglumatlaryna görä, Baidu kompaniýasy, bu sebitde 10 sany awtonom ulag ýerleşdirip bilýän bolsa, Pony.ai kompaniýasy diňe dört sanysyny dolandyryp biler. Iki kompaniýa hem ýollarda awtoulaglaryň sanyny köpeltmegi meýilleşdirýärler, ýöne munuň näçeräk ýakyn wagtda boljakdygy entek belli däl.
Pekiniň häkimiýetleri Baidu we Pony.ai kompaniýalaryna Içžuan sebitinde işleýän robot taksi hyzmatlary üçin töleg almagy geçen ýylyň noýabr aýynda rugsat berip başlady. TechCrunch maglumatlaryna görä, ýolagçylar irden 10-dan agşam sagat 4-e çenli Apollo Go от Baidu programmasy arkaly ýa-da irden sagat 9-dan agşam sagat 5-e çenli Pony.ai PonyPilot Plus programmasy arkaly robot taksi çagyryp bilerler.