Sagdyn iýmitlenmegiň çäginde antioksidantlar DNK ýaly biologiki molekulalary potensial weýrançylykdan goramaga kömek edýän iýmitleriň düzüminde bar bolan maddalardyr. Şeýle maddalaryň sanawyna witaminler, selen, sink we ş.m. maddalar girýär. Miweleriň, hozlaryň, gök önümleriň we kömelekleriň laýyk birleşmesini öz içine alýan berhizde, biziň bedenimizi oksidleýji stresden goramak üçin ýeterlik antioksidantlar bolmalydyr.

Şeýlelik bilen, biziň özümizde bolan fermentlerimiziň we iýmitden alýan antioksidantlaryňyzyň kömegi bilen bedenimiz, oksidleýji stresleri näçe mümkin boldugyça şonça-da gowy saklamaga taýyn. Her dürli gözleglerde antioksidant goşundylaryň saglyga kömek edip biljekdigi görkezilmedi. 2007-nji ýylda geçirilen bir barlagda, antioksidant goşundylaryny kabul eden adamlaryň arasynda ölüm derejesiniň birneme ýokarlanandygy ýüze çykaryldy.

Akjagül AMANOWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 302-nji toparyň talyby