Bu ýerde gürrüň, 2207122MC belgi kysymly,şahadatnamanyň maglumatlar bazasynda görlen Xiaomi 12 Pro Max barada aýdylýar. Insaýderleriň maglumatlaryna görä, enjam eýýäm bar bolan Xiaomi 12 Pro-ny ýatladar.
Şol bir wagtyň özünde tapawutlar hem bolar. Mysal üçin, Maх-wersiýa has ulaldylan displeý alar. Esasy Pro wersiýasynyň 6.73 dýuýmlylyk uly ekranynyň bardygyny göz öňünde tutsak, onda täze önümiň ölçegleri täsir galdyryjy.
Häzirki wagtda Xiaomi 12 Pro Max -iň yglan ediljek takyk senesi ýok. Diňe, enjamyň 2022-nji ýylyň ikinji ýarymynda görkezilmelidigi mälimdir. Ilki bilen ol Hytaý bazarynda peýda bolar, ýöne geljekde global çykaryşa bil baglap bilersiňiz.