ABŞ-ly gözlegçiler topary, bir metaly, himiki reaksiýalarda katalizator hökmünde häsiýetini görkezmek üçin başga bir metala öwürýän enjam oýlap tapdylar. “Katalitik kondensator” diýlip atlandyrylýan bu enjam, hameleon-metalyny almaga mümkinçilik berýär diýip bileris.
Alymlar elektronlaryň ýer üstünde özüni alyp barşyny bilýändiklerine daýandylar. Topar, elektronlaryň belli bir materiala goşmaklygyň ýa-da aýyrmaklygyň demir oksidini başga bir metalyň häsiýetlerine meňzeýän bir zada öwrüp biljekdigini aýdýan teoriýany üstünlikli synagdan geçirdi.
“Atomlar elektronlaryň mukdaryny üýtgetmek islemeýärler, ýöne biz katalizatoryň üstündäki elektronlaryň mukdaryny sazlamaga mümkinçilik berýän katalitik kondensator enjamyny oýlap tapdyk” -diýip alymlar düşündirdi. “Bu, himiýa gözegçilik etmek üçin we köp materiallary gymmat materiallar ýaly görkezmek üçin düýpgöter täze mümkinçilikleri açýar “.
Selbi JUMAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 301-nji toparyň talyby