Rediska “ýokary iýmit” hasaplanýar, sebäbi onuň düzüminde umumy saglygy berkidýän we süýji keseliniň ösmeginden goraýan köp sanly peýdaly maddalar bar.
Bellenilişi ýaly, rediska antioksidantlara baý: katehinler, pirogallol we vanil turşusy. Mundan başga-da, rediskada, bedeni oksidleýji stresden we öýjükleriň zaýalanmagyndan goramak üçin möhüm bolan C witamini köp.
Şeýle hem, hünärmenler rediskanyň bedendäki antioksidant goranyş mehanizmini gowulaşdyrýandygyny we glýukozanyň derejesine oňyn täsir edýändigini, bu bolsa süýji keseliniň öňüni almak üçin peýdalydygyny aýdýarlar. Lukmanlaryň pikiriçe, rediskanyň düzüminde tapylan himiki birleşmeler bolan glýukozinolat we izotiosýanat, süýji keseliniň öňüni almak üçin aýratyn peýdalydyr

RU












