Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýylyň 25-nji maýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň demirgazygynda «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň düýbi tutuldy we Çoganly ýaşaýyş toplumynda iki gatly täze ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi. Aşgabat şäheriniň güni we paýtagtymyzyň 140 ýyllyk baýramy mynasybetli guralan şol dabaralar ýurdumyzyň baş şäheriniň şähergurluşyk syýasaty netijesinde binagärlik keşbiniň has-da gözelleşip, özgerýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Häzirki döwürde paýtagtymyz Aşgabat bütin dünýäde ýaşaýyş üçin amatly şertleri özünde jemleýän ösen şäher hökmünde tanalýar. Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Arkadagly Serdarymyzyň üns merkezinde saklanylýar. Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda baş şäherimizde amala aşyrylýan özgertmeler syýasaty paýtagtymyzyň hemmetaraplaýyn ösmegine ýardam berýär. Muňa Aşgabadyň Aziýanyň «merjen şäheri» diýen belent ykrara eýe bolmagy doly şaýatlyk edýär
Aşgabat — geljegiň «akylly» şäheri. Gözel paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň «akylly» şäherler konsepsiýasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumyny «şäheriň içindäki şäher» diýip hem atlandyryp bolar. Umumy meýdany 744 gektara barabar bolan bu ägirt uly toplum dürli maksatly binalaryňdyr desgalaryň 240-dan gowragyny öz içine alýar. «Smart sitiniň» — «akylly» şäheriň kämil nusgasy bolan bu toplumda ýaşamak, dynç almak üçin ähli zerurlyklary üpjün etmek we innowasion mümkinçiliklerden giňden peýdalanmak bilen bagly ähli şertler göz öňünde tutulýar
Bu ýerde düýpli maýa goýum serişdeleriniň hasabyna 1200 orunlyk dört sany çagalar bagy, 3000 orunlyk umumybilim berýän dört sany orta mekdep, Medeniýet öýi hem-de 5000 orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler. Toplumda kaşaň we has belent binalary — 12 — 35 gatly, 107 müňden gowrak ilata niýetlenen, 17 müň 836 öýli, sekiz görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýyny gurmak meýilleşdirilýär. Munuň özi «Aşgabat-siti» iri ýaşaýyş toplumynyň häzirki zaman şähergurluşyk tejribesi esasynda döwrebap we ösen şäherleriň birine öwrüljekdigine aýdyň güwä geçýär
«Aşgabat-sitiniň» üstünlikli durmuşa geçirilmegi bilen, onda ähli durmuş amatlyklary, ekologiýa howpsuzlygynyň talaplary düýpli üpjün ediler we kämil «şäher içindäki şäher» kemala geler. Bu toplumyň gurluşygynda döwrebap pikirlenmegi başarýan hünärmenler tarapyndan şähergurluşygyň milli we dünýä tejribesiniň häzirki zaman usullary ulanylar. Taslamanyň durmuşa geçirilmeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutymyzyň mugallymlarydyr talyp ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşmagy bizi diýseň buýsandyrýar. Şu ýyl döredilenine 10 ýyl dolýan ýokary okuw mekdebimiziň talyplarynyň şeýle iri taslamanyň gurluşygyna çekilmegi, türkmen arhitekturasynyň milli mekdebinde döwrümize mynasyp hünärmenleriň taýýarlanýandygyna şaýatlyk edýär.
Ýurdumyzda ýaşlara okamaga we döretmäge giň mümkinçilikleri açyp berýän Arkadagly Serdarymyzyň tutumly işleri rowaçlyga beslensin
Yslam TYLLANUROW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ uly mugallymy

RU












