Ýurdumyz sebitde we dünýäde parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlary bilen daşky gurşawy goramak meselesini diňe köptaraply hyzmatdaşlyk we halkara goldawy esasynda çözmegiň mümkindigini hem-de Türkmenistanyň ekologiýa babatda alyp barýan oňyn içeri we daşary syýasatynyň dünýä ilatynyň parahat we abadan ýaşamagyna gönükdirilendigini subut edýär.

Tebigata aýawly çemeleşmek Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Milli hem-de ählumumy möçberde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmegiň bähbidine ýurdumyzda şäherleriň we obalaryň töwereklerini, awtomobil hem-de demir ýollarynyň ýakalaryny bagy-bossanlyga büremek meselelerini öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Munuň özi, ilkinji nobatda, ýer-suw serişdelerinden rejeli peýdalanmak, çölleşmä garşy göreşmek, ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak, deňiz gurşawyny hem-de Hazar deňziniň biologik köpdürlüligini goramak ýaly möhüm meseleler bilen baglanyşyklydyr. Kanunçylyk namalarynyň tutuş toplumy, şol sanda Tokaý kodeksi, ösümlik we haýwanat dünýäsi, aýratyn goralýan tebigy çäkler hakyndaky kanunlar hem-de beýleki möhüm resminamalar tebigaty goramak ulgamynda öňde goýlan wezipeleri toplumlaýyn çözmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzda amala aşyrylýan giň möçberli bag ekmek çäresi howanyň üýtgemeginiň ýaramaz netijelerine garşy göreşmek boýunça işe saldamly goşantdyr. Her bir şäheriň we obanyň töwereginde döredilýän tokaý zolaklary amatly howa ýagdaýyny döredip, tomsuna jöwzaly ýelden, gyşyna bolsa aýazly şemaldan goraýar.

Arkadagly Serdarymyzyň oňyn syýasaty bilen dowamat-dowam boljak täze ýaşyl zolaklar iri tokaý toplumlarynyň bir bölegine öwrülip, sahawatly türkmen topragynyň gözelligini has-da artdyrýar. Döwletimiziň halkara ekologiýa başlangyçlary, ylma esaslanýan ekologiýa innowasiýalarynyň önümçilige ornaşdyrylmagy ýaly anyk we netijeli çäreleri durmuşa geçirmegi Türkmenistanyň sebitiň we dünýäniň durmuş-ykdysady hem-de ekologiýa sazlaşygynyň üpjün edilmeginde mynasyp goşandydyr.

Ekologiýany goramak halkymyzyň jana-jan borjuna öwrülýär. Bu möhüm işe bilim ojaklarynyň işgärleridir mekdep okuwçylary hem işjeň gatnaşýarlar. Ýaşlarda tebigata aýawly garamak, ýaş daragtlary oturtmak, olara ideg etmek endikleriniň terbiýelenmegi bu ugurda alyp barýan işlerimiziň baş maksadydyr.

Daşky gurşawymyzyň arassa we howpsuz bolmagy ugrunda taýsyz tagalla edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli işleri hemişe rowaç alsyn!

Begenç ANNAGELDIÝEW,

türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ öwreniji mugallymy