Ruhy gymmatlyklarymyzyň hatarynda mynasyp orny eýeleýän «Bilegi zor birini ýykar, bilimi zor — müňüni» diýen pähim häzirki döwrümizde hem uly ähmiýete eýedir. Çünki pederlerimiziň paýhas eleginde elenip, şu günlerimize gelip ýeten gurşunly kenek ýaly agramly, älem ýaly giň çuňňur mazmuna ýugrulan bu parasatly aýtgy bagtyýarlyk döwrümizde iňňän döwrebap ýaňlanýar.
Gazanylan ähli üstünlikler we ýetilen belent sepgitler hem ylym-bilimiň, ösen aňyýetiň miweleridir. Häzirki döwürde ýurdumyzy ösdürmegiň türkmen nusgasy täze mazmun bilen baýlaşdyrylyp, Türkmenistanyň dünýä bileleşigine has ynamly goşulyşmagyny üpjün etmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmak wezipesi döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu wezipeleri durmuşa geçirmekde milli bilim we ylym ulgamy özünde uly mümkinçilikleri jemleýär. Dünýä ylmynda gazanylan iň täze tehnikalar, tehnologiýalar önümçilige, bilime güýçli depginde ornaşdyrylýar.
Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen başy başlanan Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän döwlet özgertmeleriň netijesinde bilim ulgamynyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan her ýyl uly möçberdäki serişdeleriň goýberilýändigini hem aýtmak gerek. Dürli ugurlary öz içine alýan kämil hünärmenleri taýýarlamak maksady bilen, güneşli Diýarymyzda orta hem ýokary okuw mekdepleriniň ençemesiniň açylmagy, öňden hereket edip gelýän ylym-bilim ojaklarynyň dünýä ülňülerine laýyk gelýän täze binalarynyň gurlup, ulanylmaga berilmegi berkarar döwletimiziň röwşen geljegi nazarlap, bedew bady bilen ynamly öňe barýandygyna bütin aýdyňlygy bilen güwä geçýär.
Orta we ýokary okuw mekdepleriniň meýilnamalaryna täze sapaklaryň, täze hünärleriň girizilmegi we olarda täze kafedralaryň açylmagy, talyp haklarynyň yzygiderli köpeldilmegi, okatmagyň multimedia-interaktiw usullarynyň ýola goýulmagy ýurdumyzda amala aşyrylýan ylym-bilim özgertmeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Sanly bilim ulgamynyň öňde goýýan wezipeleriniň durmuşa geçirilmegi bolsa, okuw-önümçilik işinde birnäçe ýeňillikleri döredýär hem-de işiň netijeliligini artdyrýar. Ulanylýan sanly serişdeler, elektron maglumat göterijiler, wideoşekiller we audio ýazgylar ýaşlaryň has giň möçberdäki maglumatlary kabul etmegine ýardam edýär.
Döwrebap bilimiň milli terbiýeçilik ulgamy bilen utgaşdyrylmagy ýaşlarymyzyň watansöýüji, kärinden ussatlyk bilen baş çykarýan kämil hünärmenler bolup ýetişmegine uly itergi berýär. Bu günki bilimli ýaşlar biziň ak ertirlerimizdir. Goý, ýaş nesil hakda yzygiderli alada edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!