Türkmenistanyñ asuda halky Täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Döwlet baýdagy milltimiziň agzybirliginiň, döwletimiziň Garaşsyzlygynyň hem hemişelik Bitaraplygynyň nyşanydyr. Çärýek asyrdan gowrak wagtyň dowamynda ýurduyz ýaşyl Tuguň astynda özüniň iň täze taryhny döredýär, abadançylygyň hem-de ösüşiň ýoly bilen ynamly öňe barýar. Şonuň üçinem halkymyz Döwlet baýdagynyň gününi baýram hökmünde belläp geçýär. Dünýädäki iň beýik baýdak sütünleriniň biri, uzynlygy 133 metr bolan Türkmenistanyň Baş baýdagynyň ýanynda hem-de welaýat merkezlerindäki, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagyndaky belent sütünli Baýdak meýdançalarynda baýramçylyk dabaralay yzygiderli geçirilýär. Şol dabaralyň biri hem 2022-nji ýylyň 15-nji maýynda Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyp ýaşlarynyň aýdym–saz, tans toparynyň şeýle-de gatnaşmagynda ajaýyp çykyşlary bilen baýramçylyk dabarasy şatlyk-şowhunly, guramaçylykly geçirildi.
“Baýdak döwletiň ähli mukaddeslikleriniň jemlenmesi, Garaşsyzlygy hem Bitaraplygy”. Baýdak hakynda gürrüň gozgalanda, ilki bilen halkymyzyň taryhy, ata-babalarymyzyň döwlet döretmekde we gurmakda, şonuň bilen bir hatarda halkyň agzybirligini, parahatçylygyny we rahatlygyny üpjün etmekde bitiren ägirt uly işleri, bu ugurda döreden gymmatlyklary hakydaňa düşýär. Ata-babalarymyz ýaşyl reňki gözelligiň, özgerşiň, nyşany hasaplapdyrlar. Meýdanlaryň al-ýaşyl öwsüp oturmagy bereketiň alamaty. Ýaşaýyşy, müdimiligi alamatlandyrýan ýaşyl reňk türkmene gözel tebigat tarapyndan berlen ajaýyp serpaýdyr.Şeýle-de Türkmen halky Türkmenistanyñ garaşsyzlygyna eýe bolmagyndan soñ ýaşyl reñkli, aý-ýyldyz we halynyñ gölleri bilen bezelen türkmeniň baýdagyny 1992-nji ýylda al-asmanda pasyrdamaga başlady. Türkmenistanyñ baýdagynyñ reñkiniñ ýaşyl bolmagy, ýurduñ tebigy durmuşyny we diriligini, aý ýyldyzlar 5 welaýaty we jebisligi, halynyñ gölleri bolsa türkmen halysyna berilýän ähmiýeti beýan edýär.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan diýarymyzyň Döwlet baýdagy halkymyzyň göterilen ykbalynyň Tugy hökmünde dünýä ýüzünde sarpalanýandygy, bu günki gün Arkadagly Serdarymyzyň saýlap alan ýoly bilen beýik ýeňişlere barýandygy barada, şeýle hem Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli buýsançly sözler beýan edilip, milli Liderimize hoşallyk sözleri aýdyldy.
Baýdagymyzyň älem jahanda pasyrdamagyna özümiziň gujur gaýratymyzy, güýç-kuwatymy goşjakdygymyza ynandyrmana haklydyrys.
Aýsoltan Berdiýewa
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Ýol gurluşygy fakultetiniň mugallymy