Hormatly Prezidentimiziň pähim-paýhasly baştutanlygynda amala aşyrylýan beýik işler halkymyzyň ýagty geljegine gönükdirilendir. Arzuwlaryň hasyl bolýan ýurdunda ýaş nesliň aňynda baky orun eýelejek bagtyýar şu günleriň iň oňat arzuw-maksatlara beslenmegi ugrunda ýerine ýetirilýän işler sanardan köpdür. Döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolan milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek babatdaky işler hem ýaş nesliň bagtyýar geljegi ugrunda edilýän aladalaryň naýbaşysydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallasy bilen ýaş nesilleriň bilimler dünýäsine ynamly aralaşyp, ylymly, bilimli, hünärli adamlar bolup ýetişmekleri üçin ähli şert-mümkinçilikler döredildi. Şonuň netijesinde hem ylym-bilim ojaklarynda bilim-terbiýe berlişiniň hil derejesi ýokary göterildi. Bagtyýar nesiller döwrebap okuw-görkezme esbaplary, kompýuterler, multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen bilim ojaklarynda bilim-terbiýe alýarlar, daşary ýurt dillerini öwrenýärler. Şeýle üstünlikleriň gözbaşynda bolsa bilim ulgamynda durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeler durýar. Bilim ulgamyndaky özgertmeler ýurdumyzyň ykdysadyýetini ylmy taýdan meýilleşdirmek, ähli ulgamlara döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak, bu babatda daşary ýurt tejribelerini öwrenmek baradaky wezipeleri hem öz içine alýar.
Ajaýyp döwrümizde ýaş nesil baradaky alada öz netijesini berýär diýip, buýsanç bilen aýdyp bileris. Bu günki gün ruhubelent, giň gözýetimli, bilim almaga, hünär öwrenmäge höwesli, ata Watanymyza, halkymyza, milli däp-dessurlarymyza, pederlerimiziň ajaýyp ýörelgelerine wepaly ýaşlarymyz berkarar ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşantlaryny goşýarlar.
Rejepowa Gülaý
Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Dil öwreniş bölüminiň 125-nji toparynyň talyby