Türkmen halky gadym döwürlerden bäri bag ekmegi sogaply iş hasaplapdyr. Munuň özi halkymyzyň ähli döwürlerde tebigat bilen ysnyşykly ýaşamaga, daşky gurşawa aýawly seretmäge uly üns berendigine şaýatlyk edýär. Bu asylly ýörelge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hem dowamat-dowam tapýar. Munuň şeýledigini «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynyň baharynda gelip gowşan, Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berlendigi baradaky hoş habar hem doly tassyklaýar.
Berkarar döwletimiz häzirki wagtda ähli ugurlarda ynamly öňe ilerleýär. Bu babatda her bir ugra degişli döwlet maksatnamalary kabul edilip, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şeýle maksatnamalaryň biri-de Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde bu maksatnamanyň çäginde ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, raýatlarymyzyň saglygy üçin amatly ekologik howa gurşawyny döretmek maksady bilen soňky ýyllarda 145 milliondan gowrak bag nahallarynyň oturdylmagy diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem, sebit ähmiýetli asylly tutumlardyr. Gahryman Arkadagymyzyň asylly başlangyçlary bu günki günde Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär. Muňa hormatly Prezidentimiziň hut özüniň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda geçirilen ýazky ählihalk bag ekmek dabarasy hem aýdyň güwädir.
Bag ekmek arkaly ekologik abadançylygy üpjün etmäge gönükdirilen tagallalar raýatlarymyzyň saglygyny berkitmek babatda-da örän ähmiýetlidir. Çünki ynsanyň sagdyn we bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin, ilkinji nobatda, arassa howa zerur bolup durýar. Muny alymlaryň gür baglyga bürenen ýerlerde ýaşaýan adamlaryň agaçlaryň az ýerinde ýaşaýanlara garanyňda, immun ulgamynyň has güýçli bolýandygy, özüni ruhubelent duýýandygy hem-de has az syrkawlaýandygy baradaky kesgitlemeleri hem tassyklaýar. Şonuň üçin hem lukmanlar ynsanlara saglyklaryny berkitmek üçin gür baglaryň sergin saýalarynda, arassa howada gezelenç etmegi maslahat berýärler. Şeýle gezelençler mahalynda köpçülikleýin ýerlerde howpsuz aralygyň saklanylmagy, agyz-burun örtükleriniň talabalaýyk dakylmagy hökmanydyr. Eziz Diýarymyzyň ähli ýerlerinde raýatlarymyzyň arassa howada dynç almaklary üçin gül-gülzarlyga beslenen baglyklaryň döredilmegi babatda möhüm işler alnyp barylýar. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, her ýyl geçirilýän ýazky we güýzki ählihalk bag ekmek dabaralarynyň döwletimiz tarapyndan amal edilýän dünýä nusgalyk işlerdigi aýdyň ýüze çykýar.
Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, raýatlarymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin amatly şertleri döretmek babatda uly tagallalary durmuşa geçirýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Gülälek DURDYÝEWA,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniñ 2-nji ýyl talyby.