Serdar Berdimuhamedow Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra we doatlukly döwletiň ähli halkynyň adyna Türkmenistanyň halkynyň, Hökümetiniň hem-de hut öz adyndan Türkmenistan bilen Niderlandlar Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden çykan gutlaglaryny we iň oñat arzuwlaryny iberdi.

Serdar Berdimuhamedow öz gutlagynda birek-birege hormat goýmaga, ynanyşmaga we deňhukuklylyga esaslanýan döwletleriň özara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek üçin iki dostlukly halklarynyň bilelikdäki hyzmatdaşlygyny ösüşiň dürli pudaklarynda has-da artdyrmaga gyzyklanma bildirýändigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyz şeýle hem gutlagynda Niderlandlaryň Patyşasy Willem-Aleksandra berk jan saglyk, bagtyýarlyk, rowaçlyk, Niderlandlar Patyşalygynyň halkyna bolsa ösüş we abadançylyk arzuw etdi.