Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde bejergi alýan çagalar üçin ABŞ-nyň 400 müň dollary möçberdäki pul serişdesi goýberiler. Bu barada Gurbanguly Berdimuhamedow 18-nji maýda bu merkeze baryp gören pursatlarynda aýtdy.
Şol ýerde Saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow merkeziň bölümlerinde bejergi alýan çagalara degişli lukmançylyk hyzmatlarynyň berlişi, aýratyn-da, dogabitdi ýürek kemisligi bolan hassa çagalary operasiýa taýýarlamak we operasiýadan soňky döwürde geçirilýän dikeldiş çäreleri boýunça alnyp barylýan işler hem-de merkeziň mümkinçilikleri barada hasabat berdi.