Daşoguzda 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalary açylmaga doly taýýar edildi. Bu barada 18-nji maýda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde bolan wagtynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow habar berdi.

Ministr “Arçman” şypahanasynda 400 orunlyk goşmaça binany gurmak üçin şypahananyň mümkinçilikleriniň ylmy taýdan öwrenilmegi babatda berlen tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi, şeýle-de Daşoguzda köpugurly hem-de onkologiýa hassahanalarynyň açylyp ulanmaga berilmegine taýýardygy barada hasabat berdi.

Gahryman Arkadagymyz ýurdumyzyň şypahanalarynyň, dynç alyş merkezleriniň, “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynyň möwsüme taýýarlygy,

Daşoguzda 450 orunlyk köpugurly we 150 orunlyk onkologiýa hassahanalarynyň açylmaga doly taýýardygy bilen bagly maglumatlary Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýetirjekdigini aýtdy.