Serdar Berdimuhamedowyň 19-njy maýda sanly ulgam arkaly geçiren Hökümetiň iş maslahatynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary M.Mämmedowa öz hasabatynda Aşgabat şäherinde 21-25-nji maýda geçiriljegi meýilleşdirilýän “Türkmenistanyň teatr sungaty” atly teatr festiwalynyň taýýarlyklary hakda hasabat berdi.
Wise-premýer festiwalyň çäklerinde Aşgabatdaky teatrlarda dürli sahna oýunlarynyň görkeziljekdigini, teatr toparlarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de döredijilik işgärleriniň gatnaşmagynda iş maslahatlarynyň geçiriljekdigini habar berdi. Festiwalyň açylyş dabarasynyň barşynda daşary ýurt teatrlarynyň ýolbaşçylarynyň we döredijilik toparlarynyň sanly ulgam arkaly çykyşlary göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Serdar Berdimuhamedowyň garamagyna festiwaly geçirmegiň meýilnamasy hödürlenildi.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabat we festiwalyň meýilnamasy bilen tanyşyp, medeniýet ulgamynyň edaralarynyň işlerini mundan beýläk-de kämilleşdirmegiň, döwrüň talaplaryna laýyklykda, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň ähmiýetini nygtap, wise-premýere anyk görkezmeleri berdi.
Döwlet Baştutany teatr festiwalyny guramak baradaky gürrüňe geçip, hödürlenen meýilnamany makullady hem-de döredijilik forumyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi, Türkmenistanyň teatr sungatynyň gazananlaryny hemmetaraplaýyn açyp görkezmegi tabşyrdy.
Bu teatr festiwalynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň teatrlarynda birnäçe täze sahna eserleriniň ilkinji gezek görkezilişi meýilleşdirilýär.
«Türkmenistan: Altyn asyr» web saýtynyň habar bermegine görä, Aşgabatdaky teatrlarda şu aşakda sahna eserleri görkeziler:
- Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Milli sazly drama teatry:
21-nji maý: «Nuhuň gämisi» 19:00.
- S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:
21-nji maý: «Kalbyň sesi» 15:00.
- Türkmen Döwlet gurjak teatry:
21-nji maý: «Gyzyl alma» 12:00.
- Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş drama teatry:
22-nji maý: «Watanyň buýsanjy — Jelaletdin soltan» 19:00.
- Türkmenistanyň Mollanepes adyndaky talyplar teatry:
23-nji maý: «Ene» 19:00.