Bu baradaky degişli teklibi 18-nji maýda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde bolan wagtynda saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow hormatly Arkadagymyza hödürledi.

Hususan-da, ministr Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen saglygy goraýyş babatda ýola goýlan türkmen-german hyzmatdaşlygyny dowam etmek maksady bilen, lukmançylygyň dürli ugurlary boýunça lukmanlaryň 150-sini Germaniýa Federatiw Respublikasynyň öňdebaryjy klinikalaryna hünär kämilligini ýokarlandyrmak we tejribe alyşmak üçin iş saparyna ugradylmagynyň hem-de häzirki döwürde dünýäde epidemiologik ýagdaýlaryň gowulaşýandygy sebäpli, bu döwletiň Tejribeli hünärmenler gullugy bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň göz öňünde tutulýandygyny aýtdy.

Hormatly Arkadagymyz bu hyzmatdaşlygy dowam etmegiň iki ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmekde we ilatyň saglygyny goramakda oňyn netije berýändigini göz öňünde tutup, ministriň tekliplerini goldaýandygyny belledi.