Prezident Serdar Berdimuhamedowa Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew hat iberdi. Ol şu ýyl Gazagystanyň we Türkmenistanyň diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nygtady.

Gazagystanyň Prezidenti hatynda geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana bolan döwlet saparynyň barşynda gaz pudagynda geljegi uly taslamalary amala aşyrmak hem-de türkmen-owgan serhedinde galla terminalyny gurmak barada anyk ylalaşygyň gazanylandygyny belläp, ýokarda agzalan taslamalaryň üstünde içgin işlemek maksady bilen, Aşgabada Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň birinji orunbasary Roman Sklýaryň ýolbaşçylygyndaky Hökümet wekiliýetini ugradandygyny aýtdy.

Kasym-Žomart Tokaýew bu ylalaşyklaryň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň ikitaraplaýyn söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine ýardam etjekdigine, häzirki döwürdäki gazak-türkmen gatnaşyklarynyň ýokary derejesini tassyklajakdygyna ynam bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedowa doganlyk türkmen halkynyň rowaçlygynyň bähbidine jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.