Hökümetiň 19-njy maýdaky mejlisinde wise-premýer M.Muhammedowyň habar berşi ýaly, häzirki wagtda 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň, Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň esasy ugurlarynyň we Maýa goýum maksatnamasynyň taslamalaryny işläp düzmek bellenildi.

Şunuň bilen baglylykda, degişli Kararyň taslamasyny taýýarlamak işleri amala aşyrylýar, onda ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we häkimlikler tarapyndan zerur bolan hasabatlary, maglumatlary bermegiň düzgüni hem-de möhleti anyk kesgitleniler. Göz öňünde tutulan ähli serişdeler we maliýe-ykdysady görkezijiler Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary bilen ylalaşylar, Maliýe we ykdysadyýet ministrliginde seljeriler, Statistika baradaky döwlet komitetinde garalar.

Prezident Serdar Berdimuhamedow ýurdumyzyň 2023-nji ýyl üçin baş maliýe meýilnamasyny düzmäge hemmetaraplaýyn oýlanyşykly çemeleşmegiň möhümdigine ünsi çekip, hödürlenen teklibi makullady hem-de wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi.