18-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Kuba
Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Alfredo Nýewes Portuondo (ýerleşýän
ýeri Baku ş.) bilen duşuşyk geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň saýty
habar berýär.
Dostlukly häsiýetde geçen duşuşygyň dowamynda taraplar syýasy-
diplomatik, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarynda türkmen-kuba
gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar halkara
guramalaryň çäklerindäki hyzmatdaşlygyny hem-de iki ýurduň daşary syýasat
edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklaryny işjeňleşdirmegiň möhümdigini ara alyp
maslahatlaşdylar.
Dünýäniň ähli ýurtlary bilen parahatçylykly gatnaşyklary saklamak
maksadyna gönükdirilen Türkmenistanyň oňyn bitaraplyk syýasatynyň möhüm
orny barada belläp, Kubanyň Ilçisi iki ýurduň arasyndaky özarabähbitli
gatnaşyklaryň ösdürilmegine ynam bildirdi. Şeýle-de, saglygy goraýyş, oba
hojalygy, sport, syýahatçylyk we beýleki ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmäge bolan
mümkinçiliklere seredildi.
Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň berkidilemegi ugrundaky işjeň
hyzmatdaşlygy dowam etmek barada ylalaşdylar.