Ranbir Raj Kapur – hindi režissýory, teatr we kino aktýory bolup, özüniň romantiki we çuňňur manyly rollary bilen halkyň söýgüsini gazandy. Aktýor 1924-nji ýylyň 14-nji dekabrynda eneden bolýar. Özüniň ilkinji roluny 1935-nji ýylda heniz 11 ýaşynda wagty ýerine ýetirýär. Kiçilikden kino düşmegi arzuw eden Raj karýerasyna režissýoryň kömekçisi hökmünde başlaýar. 1948-nji ýylda özüniň R.K.Films kinostudiýasyny döredýär. Oňa has meşhurlyk getiren “Sergezdan”, “Jenap 420” we “Üçünji kasam” kinofilmleri oňa “Hindi Çarli Çaplini”, “Hindi kinosynyň atasy” ýaly lakamlaryň dakylmagyna getirýär. Aktýor diňe bir Hindistanda däl, eýsem Eýranda, Türkiýede, arap döwletlerinde, Hytaýda we Gündogar Ýewropada giňden meşhur bolýar. Emma Hindistandan soňra Raj Kapury has söýüp gören halk ozalky Sowet Soýuzy bolýar. Raj Kapur SSSR-däki iň meşhur daşary ýurt aktýory hasaplanypdyr.Režissýor hökmünde hem birnäçe ajaýyp sungat eserlerini döreden Raj Kapuryň “Bobbi”, “Meniň adym Masgarabaz” kinofilmleri öz döwründen öňe giden eserler hasaplanýar. Aktýor 1988-nji ýylyň 2-nji iýunynda aradan çykýar.
Hajymuhammet ORAZMUHAMMEDOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ Halkara ykdysadyyeti we menejment fakultetiniñ Halkara ykdysadyýeti hünäriniñ 2-nji ýyl talyby

RU












