Her ýylyň 1-nji iýunynda Çagalary goramagyň halkara güni bellenilip geçilýär. Bu baýramçylyk biziň ýurdumyzda hem giň gerime eýe bolýar. Ýurdumyzda çagalaryň sazlaşykly ösüşini üpjün etmek, enäniň we çaganyň saglygyny goramak ugrunda yzygiderli alada edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bu ýörelgeler durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan esasy ugurlarynyň biridir.
Golaýda Gahryman Arkadagymyz Aşgabadyň Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş ylmy-kliniki merkezinde bolup, bu ýerde ýola goýulýan lukmançylyk hyzmatlarynyň has netijeli bolmagy üçin zerur serişdeleriň gönükdirilýändigini aýtdy.
Häzirki döwürde ýurdumyzda çaga keselleriniň çylşyrymly bejergi işlerini amala aşyrmak üçin dünýä ülňülerine laýyk gelýän mümkinçilikler döredilýär. Biz muny öz merkezimiziň mysalynda-da görýäris. Gahryman Arkadagymyzyň adyny buýsanç bilen göterýän haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri çagalaryň saglygyny goramak babatynda alnyp barylýan işleriň netijesi has ýokarlandy.
Hormatly Prezidentimiziň tagallasy netijesinde ýaşlaryň döwletiň we jemgyýetiň ähli ulgamlarynda amala aşyrylýan işlere doly hukukly gatnaşmaklaryna oňaýly şertler döredilýär, ýaşlaryň durmuş goraglylygynyň üpjün edilmegine, olaryň kämil şahsyýetler bolup kemala gelmeklerine aýratyn üns berilýär.
Çagalaryň dynç alşyny guramaçylykly geçirmek ýurdumyzda hemişe üns merkezinde saklanylýar. Ýaňy-ýakynda hormatly Prezidentimiz hem tomusky dynç alyş möwsümine taýýarlyk işleri bilen aýratyn gyzyklandy. Edilýän aladalar, döredilýän şertler çagalaryň hem sagdyn, hem wagtyhoş dynç almaklaryny üpjün eder. Olar tomusky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň dürli sebitlerindäki we Awazadaky dynç alyş merkezlerinde wagtlaryny hoş geçirerler.
Goý, ajaýyp döwrümizde bagtyýar şu günümiz we nurana geljegimiz ugrunda alnyp barylýan belent tutumlar mundan beýläk hem rowaçlyklara beslensin!
Hajymuhammet ORAZMUHAMMEDOW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ Halkara ykdysadyyeti we menejment fakultetiniñ Halkara ykdysadyýeti hünäriniñ 2-nji ýyl talyby