Häzirki zamanyň ösen jemgyýetini kämil tehnikasyz, «akylly» tehnologiýalarsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Ylmyň, tehnikanyň we tehnologiýanyň soňky gazananlary adamzat durmuşyny ýeňilleşdirmekde ägirt uly mümkinçilige eýedir. Dünýäde bilim ulgamynyň ösüşi hem kämil tehnologiýalara we sanly intellektual çözgütlere baglydyr. Döwrüň öňe sürýän talaplaryna laýyklykda sanly bilim konsepsiýasy häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiliginde uly seslenme döredýän meseleleriň biridir.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň bilim ulgamy sanly tehnologiýalaryň ösüşleri bilen aýakdaş galkynýar. Bagtyýar nesillerimize berilýän bilim-terbiýäniň hil derejesi dünýä tejribesine hem-de milli ýörelgelere daýanylyp kämilleşdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, milli ýörelgeler esasynda terbiýelenmegi üçin oňyn şertler döredilýär. Şu nukdaýnazardan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, bilim edaralarynyň işini kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny häzirki döwrüň talaplaryna laýyk getirmek maksady bilen, döwrebap özgertmeler amala aşyrylýar.

Sanly bilim arkaly okatmagyň täze usullarynyň we tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmagyň kämilleşdirmegi talap edýär. Bilim ulgamyndaky dolandyryş we okuw edaralarynyň ýokary tizlikli internet bilen üpjün edilmegi işleriň guramaçylyk ýagdaýyna we işiň netijeliligine öz oňyn täsirini ýetirýär. Bilim edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu düzümleýin özgertmeler ýurdumyzyň jemgyýetçilik durmuşynda ylym-bilimiň tutýan ornunyň ýokarydygyna şaýatlyk edýär.

Ýurdumyzda sanly bilim ulgamyny ösdürmek boýunça bilim ojaklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady pugtalandyrylýar. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde gurlup, ulanylmaga berilýän täze döwrebap bilim ojaklarynyň häzirki zamanyň ösen innowasion tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylmagy hem sanly bilim ulgamynyň üstünlikli ornaşdyrylýandygyna güwä geçýär. Bilim ojaklarynda teleköpri arkaly guralýan sapaklaryň, internet bäsleşikleriniň bilimiň hilini ýokarlandyrmakda, okatmagyň usullaryny kämilleşdirmekde, öňdebaryjy tejribeleri peýdalanmakda ähmiýeti örän uludyr.

Joraýewa Patma Gurbandurdyýewa,

Çärjew etrabynyň 11-nji orta mekdebiniň fizika mugallymy.