Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda güneşli Diýarymyz tutuş dünýäde ylalaşdyryjy döwlet, parahatçylygyň hem-de asudalygyň, agzybirligiň hem-de jebisligiň höküm sürýän, demokratik özgertmeleriň üstünlikli amala aşyrylýan, syýasatda, ykdysadyýetde hem-de beýleki ugurlarda çalt depginler bilen ösýän kuwwatly döwletleriň biri hökmünde ykrar edilýär. Halkymyz abadan, eşretli, bolelin durmuşyň hözirini görýär.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda durmuşa geçirilýän tutumly işleriň gözbaşynda ylym-bilimiň goýulmagy, bu ugurda dünýäniň iň soňky gazananlarynyň ornaşdyrylmagy ösüp gelýän ýaş nesliň kämil bilim almagyna oňaýly täsirini ýetirýär. Beýik başlangyçlaryň rowaçlanýan mekany bolan Türkmenistan döwletimiz gün-günden özgerýär. Munuň şeýledigi «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda amala aşyrylýan beýik işlerde, ýetilýän sepgitlerde aýdyň görünýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaşlaryň döwrebap bilim-terbiýe almaklaryny, sanly ulgamdan baş çykarmaklaryny, boş wagtlaryny peýdaly geçirmeklerini gazanmak möhüm wezipe bolup durýar.

Ata Watanymyzda ýaş nesil alada bilen gurşalýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlar üçin döredilýän amatly şertler olaryň saýlap alýan hünärlerine has-da yhlasly we jogapkärçilikli çemeleşmegine uly itergi berýär. Bularyň ählisi ýurdumyzda döwrüň talaplaryna laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, kämil bilim binýadynyň döredilýändiginiň subutnamasydyr. Döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän multimediýa, interaktiw tehnologiýalary, kompýuterler bilen enjamlaşdyrylan bilim ojaklarynda bilim alýan, hünär öwrenýän ýaşlaryň hormatly Prezidentimize hoşallyklary egsilmeýär.

Gülbahar GULMUHAMMEDOWA,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ Halkara ykdysadyyeti we menejment fakultetiniñ Halkara ykdysadyýeti hünäriniñ 2-nji ýyl talyby