Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman ulag-üstaşyr logistik düzümler,aragatnaşyk we telekommunikasiýa ulgamy kemala getirilýär.Munuň özi ýurdumyzda ulag ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadynyň döwrebaplaşdyrylmagyna yzygiderli üns berilýändigini görkezýär.Türkmenistanyň dünýä giňişliginde möhüm baglanyşyk ulgamyna öwrülmegi üçin, ulag ulgamynyň ähli pudaklaryna iri maýa goýumlaryny gönükdirmek bilen, iri göwrümli taslamalar durmuşa geçirilýär. 2016-njy ýylyň noýabr aýynda ulanylmagyna berlen Kerki-Ymamnazar-Akina demir ýolunyň açylmagy, “demirgazyk-Günorta” yklymara ulag geçelgesiniň halkasynda-Gazagystan-Türkmenistan-Eýran demir ýolunda gatnawlary işjeňleşdirmek boýunça alnyp barylýan çäreler,2018-nji ýylyň 23-nji fewralynda gurlup ulanylmaga berlen Serhetabat-Turgundy demir ýoly yzygiderli ösüşiň mysallarydyr. Türkmenistan ýurdumyz öz ykdysadyýetiniň kuwwatyny yzygiderli artdyrýar,innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy,serişdeler bilen bagly mümkinçilikler, durmuşyň ähli ugurlaryna giň gerimli özgertmeleri amala -aşyrmaga mümkinçilikler berýär.
Resul GYLYJOW,
Türkmenistanyñ Daşary işler ministrliginiñ Halkara gatnaşyklary institutynyñ Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby

RU












