Huawei Watch D diýip atlandyrylýan bu modeliň tapawutly aýratynlygy, gan basyşyny ölçemek funksiýasydyr. Mundan öň Hytaý öndürijileriniň hiç birinde şuňa meňzeş aýratynlyklary ýokdy.
Huawei kompaniýasynyň wekilleri, bu täzeligiň gipertoniýadan ejir çekýän ulanyjylar üçin has peýdaly boljakdygyny aýtdylar – indi olar, öz wagtynda gerekli çäreleri görüp bilmek üçin bu görkezijä yzygiderli gözegçilik edip bilerler.
Huawei Watch D özündäki kiçi nasosyň kömegi bilen 40 kPa çenli basyş döredip bilýändigi mälimdir. Bularyň hemmesi, akylly sagada gan basyşyny 230 mmHg çenli ölçemäge mümkinçilik berýär.
Şeýle hem, markanyň täze sagatlarynda 70-den gowrak türgenleşik usullarynyň oturdylandygyny, şeýle hem bedeniň beýleki möhüm fiziologiki parametrlerini yzarlamak funksiýasynyň bardygyny belleýäris.