Bu robotyň haýsy kompaniýa degişlidigi häzirlikçe belli däl. Onuň ýerleşýän ýerini göz öňünde tutup, žurnalistler kurýeriň Starship Technologies kompaniýasy tarapyndan gurlandygyny çaklaýarlar. Futurism awtorlary ýolundan azaşan robota duýgudaşlyk bildirdiler. Olar, ähtimal kurýer möjeklere banan eltip berýär diýip degişdiler.
Eltip beriji-robot şular ýaly kynçylyklara ilkinji gezek düşmeýär. Mundan öň, olaryň käbiri ýoluň gyralarynda batyp galýardylar, beýlekileri bolsa ýük otlularynyň astynda döwülýärdiler.Ýaňy ýakynda Beýik Britaniýanyň Travelodge myhmanhanasyndan robot-tozan sorujy gaçyp gitdi. Emma, ony gaýtaryp getirmek başartdy.
Žurnalistler, geljekde eltip beriji-obotlarynyň has giňden ýaýrajakdygyna ynanmak isleýärler. Belkide olar şol wagt töweregindäki zatlar boýunça duran ýerini gowy kesgitlemegi öwrenerler.