Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz ýurdumyz ykdysady taýdan ösýän, dünýä giňişliginde mynasyp orna eýe bolan ýurtlaryň hataryna goşuldy. Gahryman Arkadagymyz “Syýasat ykdysadyýete gulluk etmelidir” diýip belläp geçýär. Hakykatdan-da islendik ýurduň daşary syýasatynda alnyp barylýan hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginde ykdysadyýete aýratyn orun degişli. Ykdysadyýetiň ösdürilmegi şol döwletiň dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň haratyna goşulmagyna, şol bir hatarda bu babatda ýokary derejeli işleriň alnyp barylmagyna getirýär.
Şu nukdaýnazardan hem, bu babatda ýurdumyzda tapgyrlaýyn meýilnamalar durmuşa geçirilýär. Häzirki wagtda ýurdumyzda “Türkmenistanda 2021-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy” üstünlikli amala aşyrylýar we şonuň netijesinde milli ykdysadyýete sanly ulgamy ornaşdyrmak boýunça dünýäniň öňdebaryjy döwletleriň derejesine ýetmek, elektron senagaty ösdürmek hem-de tehnologiýanyň iň soňky gazananlaryndan ugur alyp ösen ykdysadyýeti kemala etirmek ugrunda birnäçe işleriň uly toplumy durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyz “Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany” atly kitabynda “Dünýäde innowasiýalara esaslanýan täze düzümler güýçli depginde durmuşa ornaşdyrylýar. Öňdebaryjy tejribeler ykdysady ösüşiň döwrebap talabyny berjaý etmäge ukyplydygyny barha giňden äşgär edýär” diýip belleýär. Şu ýerde bir zady aýratyn bellemeli. Ol hem bolsa, ýurdumyzda sanly tehnologiýalar arkaly hyzmatlaryň dürli görnüşlerini internet ulgamynyň üsti bilen amala aşyrmak üçin ähli mümkinçilikleri döredilýänligidir. Bu ugurda “Türkmentelekom” elektrik aragatnaşyk kompaniýasynyň raýatlara hödürleýän internet hyzmatlary üçin hasaplaşyklaryny ýurdumyzyň islendik künjeginden elektron görnüşinde, “Mobil bank” we “Internet-bank” ulgamlarynyň üsti bilen nagt däl görnüşinde “online” tertibinde amala aşyrmak mümkinçiliginiň ýola goýulandygyny bellemek bolar. Bu bolsa, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek ugrunda işler ýokary depginde alnyp barylýan diýmäge esas döredýär.
Göwher ÝUWŞANOWA,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniñ Halkara ykdysadyyeti we menejment fakultetiniñ Halkara ykdysadyýeti hünäriniñ 2-nji ýyl talyby