Her bir güni hoş habarlara, ajaýyp wakalara beslenýän «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň dost-doganlyga, parahatçylyga we hoşniýetli goňşuçylyga esaslanýan oňyn daşary syýasaty dünýäde giň goldawa eýe bolýar. Munuň şeýledigini Arkadagly Serdarymyzyň döwlet başyna geçen ilkinji günlerinde, ýagny şu ýylyň martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň kabul edilmegi daşary syýasatymyzda gazanylan üstünlikleriň biri boldy. Şeýle hem şu ýylyň aprel aýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Ýewropa ykdysady komissiýasy tarapyndan Aşgabat şäherine «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyja bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin halkara güwänamanyň berilmegi hem Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli amala aşyrylýan ekologiýa syýasatynyň guwandyryjy netijeleriniň biridir.

Taryhy ýylymyzyň şatlykly wakalaryny goşalandyran, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň Permany esasynda hormatly Prezidentimiziň «Dostluk» ordeni bilen sylaglanandygy baradaky hoş habaryň gelip gowuşmagy ähli ulus-ilimizi diýseň buýsandyrdy. Hormatly Prezidentimiziň mynasyp bolan bu ýokary sylagy Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmäge aýratyn uly goşandyna berlen ýokary bahadyr. Ýer ýüzünde dost-doganlygy, agzybirligi, parahatçylygy we ynanyşmagy esasy ýörelge edinýän ata Watanymyzda amala aşyrylýan işler halkara gatnaşyklar ulgamynda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly pelsepä esaslanýar. Hormatly Prezidentimiziň bu babatda durmuşa geçirýän beýik işleri türkmen-rus gatnaşyklarynyň has-da ösdürilmegine itergi berdi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimizi Russiýa Federasiýasynyň «Dostluk» ordeni bilen sylaglanmagy mynasybetli tüýs ýüregimizden gutlaýarys. Goý, Arkadagly Serdarymyzyň beýik işleri mundan beýläk hem üstünliklere beslensin!

Gurbanjemal GYLYÇDURDYÝEWA, 

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyñ Inžener Mehanika fakultetiniñ mugallymy