Halkymyzyň baý taryhy ýoly onuň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň hemmetaraplaýyn kämilleşmegine getiripdir. Iň esasy zat hem dünýä akyldarlarynyň aýdyşy ýaly, kalbyň gözelligi. Kalby, göwni gözel ynsanlar diňe gowy zatlary görýärler, döredenlerinde-de gowy zatlary kemala getirýärler. Türkmen halky şeýle gözel göwni bilen gamyşgulak bedewlerini, ýolbars pisint alabaýlaryny terbiýeläpdir.
Asyrlaryň dowamynda sünnälenip, milli aýratynlyklary bilen türkmen durmuşynyň aýrylmaz gymmatlygyna öwrülen halylar öýlerimiziň ýylysy, törlerimiziň bezegi, göwünlerimiziň görki bolmak bilen, ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilip, dünýäde ykrar edilen ajaýyp sungat ýadygärligidir.
Nepisligi, inçeligi, ýüpek ýaly ýumşaklygy, dürli öwüşgini, gözüňi gamaşdyrýan owadanlygy bilen göreni haýrana goýýan halylarymyzda halkymyzyň ähli ajaýyp häsiýetleri, milli aýratynlyklary, sungatyna, asylly däp-dessurlaryna bolan egsilmez söýgüsi jemlenipdir. Türkmen halysynyň hyrydary dünýäniň ähli künjeginde-de tapylypdyr. Gadym döwürlerde-de türkmen öz halysy bilen dünýä bazarlaryny bezäpdir. Beýik Ýüpek ýolunyň süňňünden ýol edinen kerwenleriň arzylap alyp gidýän esasy harytlarynyň biri türkmen halysy bolupdyr. Taryhda ýetmişden gowrak döwleti döreden türkmen hökümdarlarynyň we uruglarynyň käbiri baýdaklarynda haly göllerini şekillendiripdirler.
Ýurdumyzda türkmen halysynyň güni ýörite baýramçylyk derejesinde dabaralandyrylýar. Her ýyl Türkmen halysynyň baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň söwda toplumyna degişli pudaklaryň ösüşine bagyşlanan ajaýyp sergi geçirilýär. Garaşsyzlyk ýyllarynda halkymyzyň göwünleriniň gözel görkünden kemala gelen türkmen halysy öz ykbalyndaky täze bir döwre gadam basdy. Halkara sergilere gatnaşyp, gazanan altyn medallarydyr Hormat hatlary halyçylyk sungatyna döwlet derejesinde berilýän ähmiýetiň netijesidir.
Halkymyzyň gözel göwnüni haly sungatyna geçiren we dowam edýän gelin-gyzlarymyza şöhrat bolsun! Dünýä derejesinde dabaralanmagy, ÝUNESKO-nyň görnükli nusgalarynyň arasynda mynasyp orny eýelemegi üçin edilen tagallalaryň gözbaşynda duran Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, mertebesi belent bolsun!
Gurbanberdi ÝAZBAÝEW,
Magtymguly adyndaky Türkmen Döwlet Uniwersitetiniñ 1-nji yyl talyby