Britaniýaly adam 39 sagatlap rep okap, Ginnesiň rekordyny goýdy. Ol bu wagtyň dowamynda sosial ulgamlardaky abunaçylar üçin göni ýaýlym alyp bardy diýip, “UPI” ýazýar. Muny gazeta.ru ýetirýär.
DAIcon döredijilik lakamyny ulanýan 35 ýaşly Daniel Alkon hemmelerden uzak wagtlap dyngysyz rep okan ýerine ýetiriji hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Rekord goýmak üçin oňa 39 sagat gerek boldy.
Mundan başga-da, Danieliň taýýar teksti ýokdy – ol ähli sözleri kellesinden alyp, ugruna kapyýa getirdi. Bu Alkonyň dünýä rekordyny goýmak üçin ikinji synanyşygy boldy. 2021-nji ýylda ol ABŞ-dan öňki rekord eýesiniň üstünligini täzelemäge synanyşdy, ýöne bir sagat ýetip bilmedi. Öňki 33 sagat 33 minut 16 sekunt rekord 2020-nji ýylda amerikaly repçi Watsky tarapyndan goýlupdy.
Britaniýaly dünýä rekordynyň eýesi bolandygyna şatdygyny aýdyp, ähli toparyna we tomaşaçylara minnetdarlyk bildirdi.
“Köp zady bitiren toparyma we çykyşymy görmek üçin wagtynyň, iň bolmanda, bir sekuntyny sarp eden adamlara sagbolsun aýdýaryn” – diýip, Daniel aýtdy.
Çynar SYHYÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri institutynyñ Iñlis dili we edebiýaty fakultetiniñ 101-nji toparynyñ talyby