Apple kompaniýasynyň işläp düzüjiler üçin WWDC 2022 Bütindünýä konferensiýasyna bagyşlanan resmi sahypasynda çäräniň tertibi ýerleşdirildi diýip, gazeta.ru habar berýär.
Epidemiologiki ýagdaýyň gowulaşandygyna garamazdan, konferensiýa geçen iki konferensiýa ýaly onlaýn görnüşde geçiriler. Şeýle-de bolsa, işläp düzüjileriň belli bir bölegi Apple Park-a baryp biler.
WWDC tanyşdyrylyş çäresiniň esasy bölegi 6-njy iýunda geçiriler. Soňra 7-nji iýunda State of the Union çäresi geçiriler we onuň dowamynda işläp düzüjiler Apple platformalaryndaky programmalary üçin täze gurallar, tehnologiýalar we funksiýalar barada jikme-jik maglumat alarlar, şondan soň kompaniýa Apple Design Awards baýragynyň ýeňijilerini yglan eder.
Bu çärä isleg bildirýän islendik adam gatnaşyp biler, Apple-iň saýtynda we kompaniýanyň YouTube-kanalynda göni ýaýlym alnyp barlar.
WWDC 2022-niň dowamynda Apple iOS 16, iPadOS 16, watchOS 9 we macOS operasion sistemalaryny hödürlär.