20-nji noýabrda Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili
Piter Burianyň Ahal welaýatynyň häkimi S.Berdimuhamedow bilen duşuşygy
boldy. Duşuşygyň dowamynda ÝB-niň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň
geosyýasy nukdaýnazaryndan ähmiýeti bellenildi. Taraplar “açyk gapylar”
syýasatynyň çäklerinde, Türkmenistanyň ÝB-niň ähli ýurtlary bilen dostlukly
hyzmatdaşlygynyň ösdürilýändigini nygtadylar.
Taraplar ykdysady we ynsanperwer ulgamlaryndaky, şol sanda hem
Türkmenistan bilen ÝB-niň işewürler toparlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy
barada gürrüň etdiler. Türkmenistanda maýa goýumlary üçin amatly şertleriň
bardygyny tassyklap, taraplar ykdysadyýetiň dürli pudaklaryna degişli bilelikdäki
taslamalaryň we maksatnamalaryň ähmiýetini bellediler. Şeýle hem oba hojalyk,
ýokary tehnologiýalar, ekologiýa goragy we gaýtadan ulanylýan energiýa
çeşmeleri boýunça bilermenleriň alyşylmagynyň zerurlygy nygtaldy.
Konstruktiw gepleşikleriň netijesinde taraplar Türkmenistan bilen ÝB-niň
arasyndaky özara bähbitli hyzmatdaşlygynyň geljekki ösüşine ynam bildirdiler.
Şeýle hem P.Burian Türkmenistanyň Daşary işler ministiriniň orunbasary
W.Hajiýew bilen duşuşdy. Türkmenistan bilen ÝB-niň özara hyzmatdaşlygynyň
ýokary derejeliligini belläp, taraplar syýasy-diplomatik gepleşikler, söwda-
ykdysady aragatnaşyklar hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklara degişli
meseleleri giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar.
Ýokary derejeli saparlaryň ähmiýetini nygtap, taraplar «ÝB-Türkmenistan»
Bilelikdäki komitetiniň duşuşyklarynyň, adam hukuklary baradaky gepleşigiň
hem-de parlamentara hyzmatdaşlygynyň netijeliligini bellediler. Aýratyn hem
sebitde ykdysady ösüşe, durnuklylyga we howpsuzlyga goldaw bermäge
gönükdirilen hyzmatdaşlygyň köptaraply esasda alnyp barylmagy ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şunlukda, P.Burianyň özüniň hem gatnaşmagynda Aşgabat
şäherinde geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ykdysadyýetleri üçin BMG-niň
Maksatnamasynynyň – SPEKA günleriniň ähmiýetini nygtady.