Italýan brendi Gucci kibertürgenleriň psihiki saglygyna ünsi jemläp, global oýun akademiýasyny açýar. Bu barada Hypebeast habar berýär diýip, gazeta.ru belleýär.

Gucci Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy we Faceit kibersport platformasy bilen hyzmatdaşlykda geýming akademiýasyny – Gucci Gaming Academy açdy we taslamanyň başlamagy mynasybetli The Bellhop ady bilen wideo çykardy. Gucci Gaming Academy-nyň topary eýýäm Counter-Strike boýunça PGL Antwerp Major ýaryşynda çykyş etdi. Topara dört sany ýokary derejeli CS:GO oýunçysy girdi – Latwiýadan we Litwadan biri, Polşadan ikisi.

Gucci akademiýa täze oýunçylary oýun görkezijilerine we söhbetdeşligiň üstünligine esaslanyp saýlar. Ähli tapgyrlar geçilenden soň dalaşgärler akademiýa bilen 12 aýlyk şertnama baglaşýarlar, ýöne başga bir kibersport topary bilen şertnama baglaşyp, akademiýadan islendik wagt çykyp bilýärler. Her aý oýunçylar bilen öňdebaryjy tälimçiler işleşer.

“Gucci gözellik pudagynyň öňdebaryjy brendleriniň hatarynda durýar. Biz oýun dünýäsine geldik we jemgyýet bilen ähmiýetli gatnaşyklary ýola goýmak wezipämiziň çäginde biz oýunçylaryň täze neslini goldamagy we olaryň ýaryşlara gatnaşmagyň netijesinde ýüzbe-ýüz bolup biljek kynçylyklaryny ýeňip geçmegine kömek etmegi maksat edinýäris” – diýip, täze biznesleri ösdürmek boýunça ýerine ýetiriji wise-prezident we Gucci Vault ugrunyň ýolbaşçysy Nikolýa Udino belleýär.

Bu taslamanyň çäginde Gucci we Faceit oýunçylaryň psihologik we fiziki taýdan durnukly bolmagyny üpjün etmek üçin Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen hyzmatdaşlyk eder.