Müsüriň Sues kanalynyň ulanylyşyndan gazanan girdejisi 2021-2022-nji maliýe ýylynda 6,9 mlrd dollara ýetdi. Bu barada “Aş-Şuruk” täzelikler portalynyň habar bermegine görä, kanalyň administrasiýasynyň ýolbaşçysy Usama Rabia aýtdy. Muny TASS ýetirýär.
Ol ýurduň parlamentine berlen hasabatda bir ýyl ozal bu görkezijiniň 5,8 mlrd dollar bolandygyny we munuň häzirki görkezijilerden 1,1 mlrd dollar azdygyny belleýär. Onuň aýtmagyna görä, şonda kanaldan 19 müň gämi geçdi, 2021-2022-nji maliýe ýylynda bolsa (Müsürde şu ýylyň 1-nji iýulyndan indiki ýylyň 30-njy iýuny aralygy) tranzit 15% ýokarlanyp, 21 müňe ýetdi.
Fewral aýynda kanal suwuklandyrylan tebigy gazy daşaýan kruiz gämilerinden we tankerlerden başga ähli gämiler üçin tranzit nyrhlaryny 6% ýokarlandyrdy. 1-nji martdan nebit tankerleri üçin geçiş bahasy 10%, gaz daşaýjylar (suwuklandyrylan tebigy gaz), köp maksatly we köp ýükli gämiler üçin 7%, gury ýük daşaýan gämiler üçin 5% ýokarlandy, mart aýynyň ortalaryndan bolsa suwuklandyrylan tebigy gazy daşaýan ähli tankerler üçin arzanladyş ýatyryldy. 1-nji maýdan administrasiýa ýüklenen nebit tankerleriniň iki ugur boýunça-da suw gatnaw ýolunyň üsti bilen geçmegi üçin “adaty tranzit ýygymyndan” goşmaça 15% töleg alyp başlady. Ballast suw tankerleri öňküsi ýaly bäş göterim hak tölärler.
Dünýä söwdasynyň 12%-ini we nebitiň global üpjünçiliginiň 5 – 10%-ini emele getirýän Sues kanaly Müsür üçin esasy girdeji çeşmeleriniň biridir. Ol gämi gatnawy üçin 1869-njy ýylyň noýabrynda açyldy.
Öň, Müsüriň häkimiýetleri 2023-nji ýyla çenli Sues kanalynyň tutuş toplumynyň ulanylyşyndan gelýän girdejiniň ýylda 15 milliard dollardan geçjekdigini çakladylar.