Hytaýyň elektronika öndürijisi Xiaomi kameralary we obýektiwleri çykarmaga ýöriteleşýän nemes kompaniýasy Leica bilen “uzak möhletleýin strategiki hyzmatdaşlygyň” başlandygyny resmi taýdan yglan etdi. Xiaomi-niň Leica bilen bilelikde işlenip düzülen ilkinji smartfony şu ýylyň iýul aýynda çykarylar. Bu barada 3dnews.ru habar berýär.
Habar berlişi ýaly, hytaý kompaniýasynyň täze flagman smartfony surata düşürmegi söýüjiler üçin niýetlener. Xiaomi-niň baş müdiri Leý Szýun metbugat relizinde “bu hyzmatdaşlygyň Xiaomi-niň şekilleri işleme ugrunda strategiýasynyň ösüşine güýçli itergi berjekdigini” belledi.
Xiaomi bilen Leica-nyň arasynda hyzmatdaşlygyň bolup biljekdigi baradaky gürrüňler geçen ýyl Internet torunda peýda boldy. Bäş ýyldan gowrak wagt bäri Leica Hytaýyň elektronika öndürijisi Huawei bilen hyzmatdaşlyk edýär. Olaryň ilkinji bilelikdäki önümi 2016-njy ýylda çykan Huawei P9 smartfony boldy.
Şeýle-de bolsa, geçen ýyl Leica-nyň täze hyzmatdaş gözleýändigi we onuň ABŞ-nyň sanksiýalarynyň astynda bolan Huawei bilen hyzmatdaşlygynyň Huawei P50 seriýasy çykandan soň tamamlanyp biljekdigi barada insaýderleriň habarlary peýda boldy. Soňra Huawei bu gürrüňleri ret etdi, şol bir wagtyň özünde Leica-nyň täze hyzmatdaşy peýda boldy. Bu kompaniýanyň hyzmatdaşlarynyň hataryna mobil bazarynyň wekillerinden Sharp bilen Panasonic hem girýär.
Eneş ŞAMÄMMEDOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky türkmen milli dünýä dilleri instutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 201-nji toparyň talyby