Türkiýede ilkinji we dünýäde 18-nji Peýnir muzeýi Kars şäherinde açyldy. Onuň eýeleri muzeýiň ýerli we daşary ýurtly syýahatçylary özüne çekjekdigine ynanýarlar. Bu maglumatlary ýerli neşir “Daily Sabah” ýetirýär diýip, sm.news belleýär.
Täze muzeý üç aý mundan öň işläp başlady. Ol 1734-nji ýylda gurlan bastionda enjamlaşdyryldy. Üç aýyň dowamynda muzeýe 12 müň adam bardy.
“Bu bina biz üçin taryhy nukdaýnazardan aýratyn möhümdi. Biz içeri girenimizde, aýratynam, Kars şäherinde peýniriň taýýarlanyp başlanan pursatyndan tä satuw pursatyna çenli önümçilik prosesini düşündirmäge çalyşýarys” – diýip, muzeýiň müdiri Ýeşim Koç aýdýar.
Muzeýde sebitde nähili ösümlikleriň ösýändigini, mallaryň nähili sagylýandygyny bilmek bolýar. Mundan başga-da, toplumda Rus we Osman imperiýalary döwründäki binalar hem şekillendirilipdir. Myhmanlar peýniri taýýarlamak üçin ulanylýan enjamlary görüp bilerler.