“Red Bull” toparynda çykyş edýän meksikaly ýaryşa gatnaşyjy Serhio Peres “Formula-1” ulag klasyndaky awtoýaryşlar boýunça dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy.

Ikinji bolup pellehana “Ferrariden” ispaniýaly Karlos Saýns geldi, üçünji orny “Red Bulldan” niderlandiýaly Maks Ferstappen eýeledi.

Ýaryş ýagyş sebäpli gijikdirilip başlandy. Şeýle-de, Mik Şumaheriň gatnaşmagynda ýüze çykan heläkçilik sebäpli ýaryşyň arasy bölündi.

Umumy sanawda “Formula-1-iň” häzirki çempiony niderlandiýaly Maks Ferstappen öňdebaryjylygy (125 utuk) saklaýar. Ikinji orny “Ferrariden” Şarl Lekler (116), üçünji orny Peres (110) eýeleýär.