21-nji noýabrda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow oba hojalyk
toplumynyň ýolbaşçylary bilen iş maslahatyny geçirdi. Onda pudakdaky işleriň
ýagdaýyna seljerme berildi, ýer-suw serişdeleriniň ulanylyşynyň netijeliligini
ýokarlandyrmaga, geçirilýän özgertmeleriň depginini güýçlendirmäge degişli
meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, oba zähmetkeşleriniň öňünde durýan
wezipeler kesgitlenildi.
Maslahatyň barşynda oba hojalyk toplumynyň edara-kärhanalarynyň
ýolbaşçylary pudakda alnyp barylýan işler barada hasabat bilen çykyş etdiler.
Döwlet Baştutany hasabatlary diňläp hem-de iş maslahatyna gatnaşyjylara
ýüzlenip, döwletimiziň oba hojalygyny ösdürmäge we pudakda düýpli
özgertmeleri amala aşyrmaga uly üns berýändigini nygtady. Şol bir wagtda
ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda heniz çözülmedik meseleler, ulanylmaýan
mümkinçilikler hem az däl diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady. Şoňa
görä-de, ýerden-suwdan peýdalanmakda, ýeriň hakyky eýesini tapmakda,
hasyllylygy ýokarlandyrmakda we ekin dolanyşygyna geçmekde netijeli işleri alyp
barmaly. Geljek ýyldan başlap gowaça meýdanlarynyň artdyrylýandygyny göz
öňünde tutup, ýerleri ekişe talabalaýyk taýýarlamak üçin täze, döwrebap usullary,
tehnologiýalary we tehnikalary ulanmaly. Ýerleri endigan tekizlemek üçin lazerli
tekizleýjileri giňden peýdalanmaly diýip, milli Liderimiz aýtdy.
Sanly ulgama geçmek boýunça işleri hem talabalaýyk alyp barmaly diýip,
döwlet Baştutanymyz nygtady. Hasyllylygy ýokarlandyrmak babatda ylmyň
gazananlaryny giňden ornaşdyrmaly. Ekinlere hyzmat etmegiň agrotehniki çäreleri
öz wagtynda geçirilmeli.
Ýerleriň hasabyny takyk ýöretmek üçin Ýer kadastryny taýýarlamagy
çaltlandyrmaly. Oba hojalyk tehnikalaryny aýawly saklamaly we netijeli ulanmaly.
Pudagyň mineral dökünler bilen öz wagtynda üpjün edilmegini hem gazanmaly.
Ekinleriň kesellerine we zyýankeşlerine garşy netijeli göreş alyp barmaly diýip,
milli Liderimiz belledi.
Mundan başga-da, oba hojalyk önümlerini öndürijilere ekinleri ösdürip
ýetişdirmekde hem-de oba we suw hojalyk tehnikalaryny, gurallary we enjamlary
satyn almak üçin ýeňillikli bank karzlaryny bermek barada ýörite karar kabul
edildi. Şoňa görä-de, daýhanlara bank karzlaryny uzaga çekdirmän, wagtynda
bermeli diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow aýtdy. Bu
işe Merkezi bankyň we «Daýhanbankyň» ýolbaşçylary berk gözegçilik etmeli.
Telekeçiler bölünip berlen ýerlerde ýyladyşhanalaryň we beýleki önümçilik
desgalarynyň gurluşygyny çaltlandyrmaly diýip, milli Liderimiz belledi.
Oba hojalygyny suw serişdeleri bilen ýeterlik möçberde üpjün etmek hem
örän möhüm wezipe bolup durýar. Döwlet Baştutanymyz bular barada aýtmak
bilen, ýurdumyzda goşmaça suw gorlaryny döretmek, ekerançylyk meýdanlarynyň
suw üpjünçiligini gowulandyrmak, suwuň ýitgisini azaltmak maksady bilen, täze
suw howdanlaryny gurmak, bar bolanlarynyň göwrümini giňeltmek,
derýalarymyzyň, suwaryş we şor suw akabalarynyň geçirijiligini ýokarlandyrmak,

suw hojalygynda ulanylýan döwrebap tehnikalary we läbik sorujylary satyn almak
boýunça döwletimiz tarapyndan uly möçberde maýa goýumlaryň goýberilýändigini
nygtady.
Şoňa görä-de, bu ugurda hem ýeterlik işleri geçirmeli. Garagum derýasyny
gyrmançadan arassalamak, suw howdanlarynyň göwrümini giňeltmek işlerini, täze
howdanlaryň gurluşygyny çaltlandyrmaly. Ekinleri suwarmakda suw tygşytlaýjy
usullary, ýagny damjalaýyn we ýagyş ýagdyrmak usullaryny hem giňden
ornaşdyrmaly. Zeýkeşleri wagtly-wagtynda arassalap durmaly diýip, milli
Liderimiz nygtady.
Mallary hususy eýeçilige bermek işlerini hem çaltlandyrmaly. Maldarçylyk
pudagynyň ot-iým üpjünçiliginde, öri meýdanlaryny ulanmakda netijeli işleri
geçirmeli.
Mallaryň önümliligini artdyrmak, tohumçylygyny gowulandyrmak, pudagy
ylmy esasda ösdürmek boýunça işleri hem talabalaýyk alyp barmaly. Bu işde
alymlaryň ornuny has ýokarlandyrmaly. Oba milli maksatnamasynyň ýerine
ýetirilişini hem çaltlandyrmaly.
Gurbanguly Berdimuhamedow Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak
ministrligine oba hojalygynda geçirilýän özgertmeleriň depginini güýçlendirmegi,
oba hojalyk önümleriniň bol öndürilmegini üpjün edip, ýurdumyzyň azyk
howpsuzlygyny has-da berkitmegi tabşyrdy.